Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – ÝB» sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda bardy

  • 03.04.2025 17:46
  • 13k+

Şu gün, 3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Samarkant şäheriniň Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi wekiller mähirli garşyladylar.
Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Sammit 3–4 aprelde geçirilip, oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Ýewropa Bileleşigine Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýayen wekilçilik ederler.


şu gün 12:20
3

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......