Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň döwlet ministri Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi

  • 03.04.2025 02:45
  • 3.1k+

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr. Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtlardyr. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......