Gurbanguly Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygyna baryp gördi

  • 02.04.2025 07:42
  • 11k+

1-nji aprelde Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine baryp gördi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Gurbanguly Berdimuhamedow täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän watandaşlarymyz üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi. Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesinde ýerleşmegi bu ýere geljek adamlaryň howa menzilinden seleňläp görünýän şypahana wagt ýitirmän baryp bilmekleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň çäginde bar bolan binalar toplumlary, olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow howa menziliniň desgalary we olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalaryny synlady.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow täze howa menziliniň gurluşygyny, degişli binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......