Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygyna baryp gördi

  • 01.04.2025 10:44
  • 16k+

31-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň germewleriniň we halkara ähmiýetli desganyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşlerini öz içine alýan şekil taslamalary görkezildi. Ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek köpriniň gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda ähmiýeti bolan bu desganyň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidir. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň işini ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......