Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

  • 01.04.2025 10:35
  • 9.5k+

31-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

“Awaza” sport toplumynda käbir wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Ähli ugurlarda alnyp barylýan işleriň takyk düzülen meýilnama esasynda ýerine ýetirilmelidigini we olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow her bir ýolbaşçynyň gözegçilik edýän düzümlerinde amala aşyrylýan taslamalaryň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda halkara derejeli giň möçberli maslahatlaryň geçiriljekdigini nazara alyp, degişli tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň, ýol-ulag düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazaryň kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hödürlenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde deňziň kenaryndaky ajaýyp künjekde halkara çäreleri geçirmek boýunça meýilleşdirilýän binalar toplumynyň ýerleşjek ýerleriniň teklip edilýän meýilnamasy, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, onuň girelgesi, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurdumyzda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň özboluşly dowamyna öwrüljek halkara forumyň ähli ugurlar boýunça guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi.
Maslahatda halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde gurluşyklary alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.
Şeýle-de forumyň çäklerinde söwda we hyzmatlar bilen bagly işleri ýokary derejede guramak boýunça meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy. 
Mundan başga-da, iş maslahatynyň dowamynda halkara forumyň geçiriljek günlerinde tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, myhmanlary resmi taýdan hasaba almak, ýol-ulag düzümine degişli işleriň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garabogazköl aýlagyna tarap ugrady.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......