Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 01.04.2025 10:23
  • 4.9k+

31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Energetika pudagy türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif bu transmilli taslamalaryň möhüm ähmiýetini hem-de Pakistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle-de ol 2025-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlap, munuň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de Pakistanyň bu waka mynasybetli geçiriljek halkara çärelere işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......