Arkadag şäherinde forumda Täjigistanyň Zenanlar we maşgala işleri boýunça komitetiň wekili çykyş etdi

  • 31.03.2025 20:14
  • 5.8k+

Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahatynda Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala işleri boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary hanym Çamanoro Odinaýewa çykyş etdi.

Täjigistanyň wekiliniň çykyşynda nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemegi häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Ol tebigy betbagtçylyklaryň artmagyna täsir edýär. Bu bolsa ählumumy derejede bilelikdäki tagallalary talap edýär. Şunuň bilen birlikde, howanyň üýtgemegi ýurtlaryň we sebitleriň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Munuň özi ykdysadyýetiň pudaklarynyň kuwwatyny peseldip, möhüm infrastrukturalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň netijeliliginiň gowşamagyna getirýär. Bu ulgamlar çagalaryň, jemgyýetiň sagdyn ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Çamanoro Odinaýewa Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň hem-de onuň täsirleriniň öňüni almak bilen baglanyşykly wajyp başlangyçlary öňe sürýändigine ünsi çekip, bu başlangyçlaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala işleri boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary bilelikdäki tagallalar esasynda geljek nesilleriň abadançylygyna gönükdirilen netijeli strategiýalaryň işlenip taýýarlanyljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......