Arkadag şäherinde halkara maslahatynda Gyrgyzystanyň Jemgyýetçilik syýasaty boýunça komitetiniň wekili çykyş etdi

  • 31.03.2025 20:06
  • 3.4k+

Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatda Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Jemgyýetçilik syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Aida Isatbek gyzy çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, maslahat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat  gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Aida Isatbek gyzynyň bellemegine görä, çagalar baradaky alada hemişe möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu meseleleriň çözülmeginde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki jemgyýetiň ösüş derejesi bilim ulgamynda ýetilen sepgitler bilen kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ösüşi üpjün etmekde bilimi kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Hanym Aida Isatbek gyzy çykyşynyň dowamynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine 30 ýyl dolýandygyny aýdyp, türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Jemgyýetçilik syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi, şeýle hem özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......