Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa HHR-iň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň wekili bilen duşuşdy

  • 29.03.2025 12:25
  • 13k+

28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili bilen duşuşdy. Myhman «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň belent ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda ene-atasyndan jyda düşen we howandarlyga mätäç çagalary goldamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şunda gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi.
Söhbetdeşler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Myhman haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýandygyny aýtdy hem-de gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy bilen gutlap, bu şanly sene mynasybetli guralýan halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirdi.


düýn 19:38
3.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......