Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde iş saparynda boldy

  • 28.03.2025 08:05
  • 10k+

27-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilýän taslamalar, medeni-dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna, halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem bu ýerde şäheriň çagalar seýilgähiniň şekil taslamalary, onda ýerleşdiriljek oýun-güýmenje toplumlarynyň görnüşleri, olaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar seýilgähiniň bezeg aýratynlyklaryna, onuň oýun-güýmenje toplumynyň enjamlaşdyrylyşyna birnäçe belliklerini aýtdy.
Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän amfiteatryň görnüşleri, ony abadanlaşdyrmagyň ugurlary barada hasabat berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri amfiteatryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän usullaryň ulanylmalydygyny, şunda häzirki zaman tejribesiniň utgaşykly özleşdirilmelidigini belledi.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň germewleriniň bezeg işleri barada aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow onuň göze gelüwlilik babatda bolşy ýaly, her bir şekiliniň ölçeg babatda dürslügine-de möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ahalteke atlary” şaýolunyň gurluşygy, onuň ýanýodalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, ýoluň ýakasynda oturdyljak bedewleriň şekilleriniň döwrebaplygyna zerur üns berilmelidigini belledi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryga laýyklykda, “Ahalteke atlary” şaýolunyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi.
Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň körpeleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çagalarynyň hem gatnaşýandyklary barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Bäsleşigiň dowamynda körpeleriň çekjek suratlary, ýerine ýetirjek aýdymlary şanly senä mynasyp sowgat bolmalydyr. Geçiriljek dabaralarda we bäsleşiklerde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpeleriň sazlaşykly ösüşine, olaryň sagdyn jemgyýetiň wekilleri bolup ýetişmeklerine gönükdirilen asylly işleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.


düýn 14:09
1.3k+

Mejlisiň Başlygy Indoneziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünyägözel Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi...

düýn 12:46
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriň güni bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik gullugynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Gutlag hatynyň teksti resmi türkmen metbugatynda neşir edildi...

17.02.2026 20:43
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýyldaky özara gatnaşyklaryň netijeleri jemlenip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi...

17.02.2026 19:13
1k+

El-Kuweýtde türkmen-kuweýt söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu taryhy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynda kabul edildi...