Rumyniýanyň milli muzeýinde türkmen halysynyň sergisi geçirilýär

  • 28.03.2025 06:39
  • 2.3k+

25-nji martda Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň guramagynda türkmen halylarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, sergi 31-nji marta çenli dowam eder.

“Asman nepisligi – türkmen halysy” atly sergi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Çärä Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň parlamentiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, akademiýanyň we hususy pudagyň wekilleri, Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary Diana Baçuna, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamammet Annaýew giriş sözi bilen çykyş etdiler.

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň hünärmenleri tarapyndan haly dokamak däpleriniň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmegi onuň giňden ýaýramagyna goşant goşýar.
Sergide diňe bir haly önümleri däl, eýsem türkmen halkynyň medeni mirasyny görkezýän suratlar, ýüpek önümleri we milli şaý-sepler hem görkezildi. Seýrek haly önümlerine sergide aýratyn ýer berildi.


şu gün 07:51
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......