BYD 2024-nji ýylda umumy girdejisi boýunça Tesla-dan öňe geçdi

  • 26.03.2025 14:38
  • 4.8k+

Hytaýly elektromobil öndürijisi BYD 2024-nji ýyl üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Şol döwürde kompaniýanyň umumy girdeijisi 29% ýokarlanyp, 777 mlrd ýuana (107 mlrd dollara) ýetdi. Şeýlelikde, BYD girdejisi boýunça amerikan elektromobil öndürijisi Tesla-dan üstün çykdy. Tesla-nyň geçen ýylky umumy girdejisi 97,7 mlrd dollar bolupdy.

Kompaniýanyň arassa girdejisi hem ep-esli ýokarlandy. 2024-nji ýylda BYD-niň arassa girdejisi 34% ösüp, 40,3 mlrd ýuana (5,6 mlrd dollara) ýetdi. Tesla-nyň şol döwürdäki arassa girdejisi bolsa, 7,1 mlrd dollar boldy.
BYD-niň paýnamalary 24-nji martda Gonkong biržasynda 3% ýokarlandy. Soňky bir ýylyň dowamynda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 88% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, BYD bazar kapitallaşdyrmasy boýunça häzir hem Tesla-dan ep-esli yzda galýar. Häzirki wagtda BYD 160 mlrd dollar bazar bahasyna eýe bolsa, Tesla-nyň bahasy 851 mlrd dollar bolup durýar.
BYD soňky ýyllarda tiz ösüş gazandy. 2024-nji ýylda kompaniýa rekord derejede 4,2 million awtoulag satdy. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 41% köpdür. Kompaniýa şu ýyl 5-6 million awtoulag satmagy meýilleşdirýär.
BYD diňe bir Hytaýda däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem önümçiligini artdyrýar. Kompaniýa Ýewropada we Latyn Amerikasynda täze zawodlary gurýar. 17-nji martda BYD elektromobiller üçin täze ultra-tiz zarýad beriş ulgamyny tanyşdyrdy.


24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......