Alymlar Hytaýyň Tibet daglyk ýerlerini oba hojalyk sebitine öwürmek teklip edýärler

  • düýn 17:29
  • 2.1k+

Hytaýyň alymlar topary Tibetiň daglyk ýerlerini täze möhüm oba hojalyk sebitine öwürmegi teklip edýärler. South China Morning Post-yň (SCMP) habar bermegine görä, alymlar adaty ekerançylyk ýerlerine ýaramaz täsir edip biljek howanyň çalt üýtgeýändigini belläp, alada galýarlar.

Neşiriň belleýşi ýaly, Pekindäki Milli Howa Merkeziniň (NCC) hünärmenleri Amazoniýanyň tropiki tokaýlarynyň ýitip gitmegi, Atlantik ummanynyň akymlarynyň bozulmagy we polýar buz gatlaklarynyň eremegi ýaly, ählumumy howadaky üýtgeşmeleriň ýakyn onýyllyklarda dünýäniň oba hojalygynyň önümçiligini durnuksyzlaşdyryp biljekdigini duýdurdylar. Muňa jogap edip, Tibetde dag belentliklerinde ekerançylygy çalt we giň gerimde ösdürmek teklip edilýär.
Howanyň üýtgemegi "deňiz derejesiniň görlüp-eşidilmedik ýagdaýda ýokarlanmagyndan başlap, adatdan daşary howa hadysalaryna çenli Ýere hem-de onuň ilatyna çuňňur we giňden täsir eder" – diýip, SCMP NCC toparynyň ýolbaşçysy Ma Lissýuanyň sözlerini getirýär. Şeýle hem, ol Tibetiň daglyk ýerleriniň Hytaýyň we Aziýanyň ekologiki howpsuzlygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedigini, şeýle hem biodürlüligi gorap saklamak üçin möhüm sebitdigini aýtdy.
Ma Lissýuan "oba hojalygyny ösdürmek üçin, plato mahsus bolan özboluşly tebigy we durmuş-ykdysady şertler Tibet platosyny geljekde Hytaýyň galla mekanyna öwrüp biljekdigine” ynanýar.
Hytaýyň Meteorologiýa müdirliginiň ýanynda hereket edýän NCC  - Hytaýyň howa ugrundan barlaglar we gözegçilik boýunça öňdebaryjy edarasy.


düýn 09:25
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

24-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan...

24.03.2025 13:36
3.5k+

Ýazky bag ekmek dabarasynda Türkmenistan boýunça 632 müň 498 düýp agaç nahallary ekildi

22-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Öň, habar berşimiz ýaly...

23.03.2025 13:14
7.3k+

Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

22-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn...

21.03.2025 11:32
7.3k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Döwlet Baştutany hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine “Bismilla” bilen başlap bermeklerini...