UFC-niň taryhynda iň köp hak alýan söweşijileriň reýtingi hödürlendi

  • 21.03.2025 16:09
  • 19k+

Abraýly Give me Sport demirgazyk amerikan neşiri taryhda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň iň köp girdeji gazanan söweşijileriniň reýtingini düzdi.

Reýtingde 20 söweşiji bolup, birinji orny iki agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor eýeledi. Onuň girdejisi 39,3 mln dollara barabar. Ikinji orunda 22,9 mln dollar bilen ýeňilmedik russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow ýerleşdi. Üçlügi agyr agramda titulyň häzirki eýesi Jon Jons jemledi, onuň gazanjy 17,2 mln dollara deň.
Häzirki söweşijileriň arasynda ilkinji onluga Israel Adesanýa (11,5 mln dollar) we Aleks Pereýra (12,5 mln dollar) hem girdi.
Taryhda iň köp girdeji gazanan MMA söweşijileriniň Top-20-i:

  1. Konor Makgregor - $ 39,3 mln;
  2. Habib Nurmagomedow - $ 22,9 mln;
  3. Jon Jons - $ 17,2 mln;
  4. Alistar Owerim - $ 14,4 mln;
  5. Stipe Mioçiç - $ 13,6 mln;
  6. Anderson Silwa - $ 13,5 mln;
  7. Brok Lesnar - $ 13,2 mln;
  8. Aleks Pereýra - $ 12,5 mln;
  9. Israel Adesanýa - $ 11,5 mln;
  10. Andreý Orlowskiý - $ 11,2 mln;
  11. Maýkl Bisping - $ 11,1 mln;
  12. Junior dos Santos - $ 11 mln;
  13. Žorž Sen-Pýer - $ 10,95 mln;
  14. Donald Serrone - $ 10,6 mln;
  15. Daniel Kormýe - $ 10,2 mln;
  16. Mark Hant - $ 9,8 mln;
  17. Dastin Porýe - $ 9,1mln;
  18. Witor Belfort - $ 9 mln;
  19. Islam Mahaçew - $ 8,8 mln;
  20. Den Henderson - $ 8,5 mln.

düýn 23:43
5.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......