Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ÝUNISEF-niň wekili bilen duşuşdy

  • 16.03.2025 16:30
  • 15k+

15-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewan  Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp  maslahatlaşyldy.
Bilelikde amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigi bellenildi.
Hanym Jalpa Ratna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen alyp barýan ynsanperwer işleriniň dünýä nusgalykdygyny belledi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Gaznanyň döredilenine dört ýyl bolýandygy, şu döwürde Gazna tarapyndan dünýäniň dürli  ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna kömek-goldawlaryň ugradylandygy, şeýle hem ýurdumyzda köpsanly mätäç çagalaryň Gaznanyň hasabyna bejergi alandygy barada aýdyldy.
Ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän Gaznanyň 4 ýyllygy mynasybetli giň möçberli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, Gaznanyň wise-prezidenti bu dabaralara ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny gatnaşmaga çagyrdy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......