Garagumda geçirilen ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň Kubogynda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiji boldy

  • 24.03.2025 19:15
  • 20k+

Milli bahar baýramy mynasybetli Garagum sährasynda geçirilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogynda Türkmenistanyň Awtoulag sport federasiýasyndan «Nissan Patrol» awtomobilinde ýaryşan Maksatmyrat Daňatarow ýeňiji boldy.

Iki günläp dowam eden ýaryşa Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky polisiýa bölümleriniň toparlaryndan bäş türgen, «Türkmenawtoulaglary» agentliginden bolsa bir türgen gatnaşdy.
Ahal welaýatynyň Bäherden etraby boýunça Garagum sährasynda uzynlygy 143 kilometre barabar bolan ýol çekildi. Birinji gün oňa gatnaşanlar 33 kilometr, ikinji gün bolsa 110 kilometr aralygy geçdiler.
Maksatmyrat Daňatarowyň topardaşy Meýlis Abdyllaýew «Nissan Patrol-da» ikinji ýeri eýeledi. Baýraga mynasyp bolan ilkinji üçlügiň soňunda Türkmenistanyň Awtoulag sport federasiýasynyň başga bir wekili Ýolaman Abaýew «Mitsubishi L200» awtomobilinde eýeledi.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......