ABŞ ýurtda ýaşamaga hukuk berýän 5 mln dollarlyk «altyn kartyndan» bir günde müň sanysyny satdy

  • 23.03.2025 17:59
  • 17k+

ABŞ-nyň söwda ministri Goward Lýutnik baý maýadarlara bir günde müň sany «altyn kart» satandygyny aýtdy. Bu kart daşary ýurtlulara ABŞ-da hemişelik ýaşamaga hukuk berýär. Ministr bu maglumatlary «All-In» atly podkastdaky interwýusynda mälim etdi.

«Ýeri gelende aýtsam, düýn müň sany [„altyn kart“] satdym» — diýip, Lýutnik 21-nji martda neşir edilen podkastda aýtdy. Emma interwýunyň haýsy günde ýazga alnandygy barada maglumat berilmedi.

Lýutnik dünýäde ABŞ-nyň «altyn kartyny» satyn alyp biljek 37 million adamyň bardygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, ABŞ-nyň hökümeti berlen «altyn karty» diňe eýesi «adatdan daşary eýmenç bir zat» eden ýagdaýynda yzyna alyp biler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 25-nji fewraldaky çykyşynda «altyn kart» maksatnamasynyň mart aýynda işe giriziljekdigini aýdypdy. Bu kartyň eýelerine ABŞ-da hemişelik ýaşamaga hukuk berilýär. Şeýle-de olar geljekde ABŞ-nyň raýatlygyna ýüz tutmaga mümkinçilik gazanýarlar. Trampyň sözlerine görä, bir «altyn kartyň» bahasy, takmynan, 5 million dollar bolar. Trampyň pikirine görä, ABŞ şeýle kartlaryň million sanysyny satyp biler.
«The Guardian» neşiriniň belläp geçmegine görä, bahasy örän ýokary bolsa-da, bu maksatnama baý adamlaryň arasynda meşhur bolar. Emma neşir belli bir mesele barada hem duýduryş berdi: ABŞ-nyň salgyt ulgamy bu karty satyn alan adamlara kynçylyk döredip biler. Sebäbi ABŞ-nyň salgyt kanunçylygy raýatlary daşary ýurt döwletlerinde gazanýan girdejileri boýunça hem salgyt tölemäge borçlandyrýar.


şu gün 00:59
3.7k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.2k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....