ABŞ ýurda göçüp gelmek isleýänler üçin 5 mln dollara “altyn kartlary” hödürlär

  • 27.02.2025 17:56
  • 17k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtda 5 mln dollara “altyn kartlaryň” berlip başlanjakdygyny aýtdy – olar daşary ýurtlulara ýurtda hemişelik ýaşaýyş ýeri üçin hukuk we amerikan raýatlygyny almaga mümkinçilik berer.

“Baý adamlar bu karty satyn alyp, biziň ýurdumyza geler. Olar üstünlik gazanar, köp pul sarp eder, köp salgyt tölär we köp adamlary işe alar. ABŞ bir million we ondan hem köp “altyn kart” satyp biler” – diýip, Tramp žurnalistler bilen duşuşykda aýtdy. Onuň bellemegine göä, maksatnama ýene iki hepdeden işe giriziler.

ABŞ-nyň söwda ministri Goward Latnik “altyn kartlaryň” 1990-njy ýylda işe girizilen häzirki EB-5 maksatnamasynyň ornuny çalyşmalydygyny belledi. Bu maksatnama daşary ýurtlulara ABŞ-a maýa goýumlar (ykdysady taýdan gowşak zolaklarda million dollardan gowrak ýa-da 800 müň) üçin grin-kartlary hödürleýär.

Häzirlikçe Trampyň administrasiýasynyň bar bolan maksatnamany kongresiň razylygy bolmazdan bes edip ýa-da üýtgedip biljekdigi belli däl diýip, Axios neşiri belleýär.


14.06.2026 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......