Iň uly altyn ätiýaçlyklary bolan ýurtlar belli boldy

  • 18.03.2025 07:36
  • 14k+

Merkezi banklar eýýäm üç ýyl bäri öz ätiýaçlyklary üçin 1000 tonnadan gowrak altyn satyn alýar. Bütindünýä altyn geňeşiniň (World Gold Council, WGC) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda bu görkeziji 1045 tonna, 2023-nji ýylda 1037 tonna ýetdi, 2022-nji ýylda bolsa 1082 tonna bolup, rekord goýdy diýip, RBK habar berýär.

Esasy satyn alyjylar Özbegistan, Hytaý we Gazagystan bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Polşa we Hindistan hem öz ätiýaçlyklaryny 3 tonna artdyrdy.
Iň uly altyn ätiýaçlygy ABŞ-da bolup, ol 8133,46 tonna ýetýär. Gymmat bahaly metalyň umumy altyn walýuta ätiýaçlyklarynda paýy 74,97%-e barabar.
Ikinji orny 3351,53 tonna (74,39%) bilen Germaniýa eýeleýär. Ozal ýurduň altyn ätiýaçlyklarynyň köp bölegi Nýu-Ýorkuň (ABŞ), Londonyň (Beýik Britaniýa) we Parižiň (Fransiýa) banklarynda saklanýardy. Ýöne 2013-nji ýyldan ýurt jemgyýetçilik basyşy astynda daşary ýurt ammarlaryndan altyny yzyna gaýtaryp başlady.
Üçünji orunda 2451,84 tonna (70,79%) bilen Italiýa ýerleşdi. Ätiýaçlyklar altyn tokgalarynda we teňňelerde saklanýar.
Dördünji orny Fransiýa eýeleýär. Onuň altyn ätiýaçlyklary 2437 tonna (72,27%) barabar. Ätiýaçlyklaryň göwrümi 2009-njy ýyldan bäri üýtgemedi.
Öňdebaryjylaryň bäşligini 2335,9 tonna bilen Russiýa jemleýär. 2025-nji ýylyň 1-nji martyna çenli onuň altyn ätiýaçlyklary 217,4 mlrd dollara ýetdi, ätiýaçlyklarda altynyň paýy bolsa 34,4%-e çenli ýokarlandy.


09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....