Motor ýagy saýlananda goýberilýän esasy ýalňyşlyklar. Nämeleri bilmek möhüm?

  • 18.03.2025 12:07
  • 16k+

Motor ýagynyň nädogry saýlanmagy hereketlendirijiniň hyzmat ediş möhletini gysgaldyp, ýangyç sarp edilişini köpeldip, aşa gyzmaklyga we bölek şaýlarynyň tiz zaýalanmagyna sebäp bolýar. Bilermenler ýag saýlananda nämelere üns bermelidigini belledi.

Esasy görkeziji - ýagyň dykyzlygydyr. Öndürijiler SAE standartlaryna laýyk gelýän, maslahat berilýän görkezijileri salgy berýärler. Dykyzlygy talabalaýyk bolmadyk ýagyň ulanylmagy ýaglanyşy ýaramazlaşdyryp, aşa gyzmaklyga sebäp bolup biler.
Düzümini göz öňünde tutmak hem möhümdir. Mineral ýaglar köne motorlar üçin amatlydyr, ýöne olar häsiýetini çalt ýitirýär. Sintetiki ýaglar agrama çydamly bolýar we hereketlendirijiniň hyzmat ediş möhletini uzaldýar. Ýarym sintetiki ýaglaryň hili bahasyna laýykdyr.
Şeýle hem, awtoulag öndürijiniň maslahat beren ýagyny göz öňünde tutmalydyr. Laýyk gelmeýän ýag hereketlendirijä zeper ýetirip biler.
Prisadkalar we goşundylar, ýagyň düzümindäki könelmä garşy bölekler ýanygyň emele gelmeginiň we könelmegiň öňüni alýar. Wagtly-wagtynda ýagy çalşyp durmak hereketlendirijiniň durnukly işlemegini üpjün edýär. Hatda ýokary hilli ýag hem wagtyň geçmegi bilen häsiýetini ýitirýär, şonuň üçin maslahat berilýän wagt aralygynda ýagy çalşyp durmak möhümdir.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....