Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 18.03.2025 10:10
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Gordana Silýanowskaýa-Dawkowa ýurduň Koçani şäherinde bolup geçen ýangynyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Koçani şäherinde bolup geçen ýangyn ýekşenbe gününe geçilýän gije Pulse klubunda ýerli wagt bilen 2:30-da boldy. Şol wagt bu klubda ýerli meşhur DNK topary çykyş edýärdi. Konserte 500 töweregi adam ýygnanypdyr. Ýangynyň sebäbi hökmünde, deslapky maglumatlara görä, pirotehnika serişdeleriniň ulanylmagy hasaplanylýar.
Ýangynyň pidalarynyň sany 59 adama ýetdi, 160-dan gowrak adam şikes aldy, 45-si agyr ýaralandy. Olaryň aglabasy goňşy Bolgariýanyň, Gresiýanyň, Serbiýanyň we Türkiýäniň hassahanalaryna iberildi.
Koçani şäheri 25 müň ilatly, paýtagt şäher Skopýeden 100 km gündogarda ýerleşýär.


05.01.2026 11:44
8.8k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...

03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...