Tesla awtopilotda ýoluň suraty çekilen diwara baryp urdy

  • 20.03.2025 08:01
  • 15k+

ABŞ-nyň meşhur blogeri we inženeri Mark Rober Tesla Model Y elektrik awtoulagyny diwara urdurdy. Agzalan diwaryň ýüzünde açyk we boş ýoluň şekili bardy, ol bu synag bilen Tesla-nyň datçik ulgamyndaky kemçilikleri görkezmek isledi diýip, «The Verge» neşiri ýazýar.

Tesla köpden bäri ulaglaryndaky käbir datçikleri artykmaç hasaplap, olary aýyrmak isleýär. Kompaniýa ýoluň ýagdaýyny kesgitlemek üçin gözüň we beýniniň ýeterlikdigini öňe sürüp gelýär. Häzirki wagtda Tesla-nyň sürüji kömekçi ulgamlary esasan bort kameralarynyň maglumatlaryna esaslanýar. Emma beýleki seresaply awtoulag öndürijileri öz ulaglaryna iň bolmanda ultrases datçiklerini goşýarlar. Şol datçiklerden iň ygtybarlysy bolsa, hatda ýaramaz howa şertlerinde-de päsgelçilikleri tanap bilýän lidar ulgamlarydyr.

Mark Rober ulaglaryň awtopilot ulgamlarynyň netijeliligini deňeşdirdi. Bir tarapdan, lidar bilen enjamlaşdyrylan Lexus krossoweriniň prototipi synagdan geçirildi. Beýleki bir tarapdan bolsa, diňe kameralaryň şekillerine esaslanýan Tesla Model Y synagdan geçirildi. Synaglaryň netijesinde, Tesla Model Y güýçli ümürde ýa-da ýagyş ýaganda pyýada manekeni görüp bilmedi.
Üstesine Ilon Maskyň awtoulagy iň möhüm synagdan hem geçip bilmedi. Synag üçin guramaçylar ýoluň üstüne uly diwar goýdular. Bu diwar ýörite işlenip taýýarlanan «foto diwar kagyzlary» bilen örtüldi. Netijede, Tesla Model Y-iň bort kameralary üstünde açyk we boş ýoluň şekili bolan bu illuziýany hakyky ýol diýip kabul etdi we doly tizlikde baryp, diwara urdy. Lidar bilen enjamlaşdyrylan prototip bolsa, bu «görünmeýän diwary» päsgelçilik hökmünde tanady we öz wagtynda saklanmagy başardy.


düýn 10:28
952

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......