Dünýäde iň gymmat it: möjek bilen owçarkanyň gibridi 5,7 mln dollara satyldy

  • 24.03.2025 11:09
  • 15k+

Sekiz aýlyk güjük Kadabomb Okami dünýäde iň gymmat it boldy – ol 5,7 mln dollara satyldy. Bu it ýabany möjek bilen kawkaz owçarkasynyň çaknyşdyrylmagy arkaly döredilen seýrek tohuma degişli diýip, The New York Post ýazýar.

Satuw wagty Kadabomb Okaminiň agramy 75 kilogram we boýy 76 santimetrdi.
Iti Bangalordan (Hindistan) 51 ýaşly zawod eýesi Satiş satyn aldy. Onuň eýýäm 150-den gowrak dürli tohumdan itleri bar. Ol indi itleri köpeltmeýär-de, bütin dünýä boýunça seýrek tohumlary gözläp, olary Hindistanda görkezýär. Şeýle biznes oňa ýarym sagatda 2 800 dollardan bäş sagatda 11 700 dollara çenli girdeji getirýär.

“Men bu güjük üçin 50 mln rupiýa sarp etdim, sebäbi men itleri gowy görýärin. Maňa iň üýtgeşik tohumlaryň eýesi bolmak we olary Hindistan bilen tanyşdyrmak ýaraýar. Men bu tohumlara şeýle köp pul sarp etdim, sebäbi olar seýrek, adamlar bolsa olara seretmegi we olar bilen surata düşmegi halaýar. Men we meniň itlerim gyzyl ýodadaky islendik aktýordan has köp ünsi çekýär” – diýip, Satiş belledi.

Itler ýedi akr meýdanly fermada ýaşaýar we bu ýerde olaryň her biriniň öz otagy bar. Olara alty adam gözegçilik edip, itleri ähli zerur zatlar bilen üpjün edýär.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......