Beýik Britaniýadaky auksionda “milliarddan biri” bolan togalak towuk ýumurtgasy satyldy

  • 22.03.2025 18:44
  • 13k+

Britaniýanyň Ekseter şäherinde geçirilen Bearnes Hampton Littlewood auksionynda “milliarddan biri” diýlip atlandyrylýan üýtgeşik şar şekilli towuk ýumurtgasy 420 funt sterlinge (takmynan, 544 dollar) satyldy. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.

Şeýle togalak ýumurtgany geçen ýylyň dekabr aýynda Fenton fermasynda işleýän Elison Grin atly bir aýal tapdy. Ol “Independent” bilen söhbetdeşlikde şeýle şekilli ýumurtgany ozal görmändigini we ýumurtganyň, aslynda, togalak bolup biljekdigi barada pikir etmändigini aýtdy. 
57 ýaşly Grin bu fermada eýýäm üç ýyl bäri işleýär we her gün 30 müň töweregi ýumurtgany elden geçirýär.
Ol şular ýaly başga bir ýumurtganyň Angliýadaky auksionda 200 funt sterlinge satylandygyny bilenden soň, öz başlygyndan bu ýumurtgany auksiona çykarmaga rugsat sorady.

“Hemmeler baha berip başlanlarynda, bu çagalarymyň birine sport ýaryşynda tomaşa edýänim ýaly boldy. Bu örän ajaýyp” – diýip, aýal auksion barada aýdýar.

Ýumurtgadan alnan serişdeler, Griniň isleýşi ýaly, haýyr-sahawat guramasyna gönükdiriler. Alyjynyň ady mälim edilmeýär.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......