Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 21.03.2025 07:46
  • 16k+

20-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Arkadag şäherinde geçirilen duşuşykda O.Atabaýewa Gaznanyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barha giň gerime eýe bolup, ol goňşy we sebitdäki hyzmatdaş ýurtlaryň çagalaryna-da degişli derejede ýardam berýär.
Ilçi Elizabet Rud gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryp, beren gürrüňleri üçin O.Atabaýewa hoşallyk bildirip, bu çäreleriň diňe öwgä mynasypdygyny aýtdy we onuň işleriniň barha öňe ilerläp, mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýyl gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýandygy bilen baglylykda, bu senäniň halkara derejeli çäreleriň geçirilmegi arkaly bellenilmegi baradaky wezipelere hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, käbir degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.
Ilçi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gaznanyň işini has-da öňe ilerletmek ugrunda, şol sanda ony halkara derejede ösdürmek maksady bilen, bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.
O.Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde iş alyp barmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belländigine üns çekdi.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......