Slowakiýada Gadymy Rim döwrüniň inženerçilik täsinligi tapyldy. Ol ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

  • 25.03.2025 12:01
  • 4.9k+

Slowakiýanyň çäginden ilkinji gezek Gadymy Rim akwedugy (suw desgasy) tapyldy. Özboluşly gurluş ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giriziler diýip, Ancient Origins habar berýär.

Bu açyşy Trnawa uniwersitetiniň arheologlary Bratislawanyň etegindäki milli medeni ýadygärlik bolan Rusowsydaky mülküň durky täzelenýän wagtynda ýüze çykardylar. Bu işe dosent Erik Grnçarik ýolbaşçylyk edýär.

“Slowakiýada abat saklanyp galyş derejesi boýunça deňsiz-taýsyz bu gadymy suw üpjünçilik ulgamy iň haýran galdyryjy açyşdyr. Aslynda, bu Slowakiýada öwrenilen ilkinji Rim akwedugydyr. Bu bir ýerden başga ýere suw eltmek üçin gurlan emeli suw kanaly" – diýip, Grnçarik düşündirdi.

Kanal 80 sm çuňlukda ýerleşip, onuň düýbüne Rim çerepisasy (tegulalar) düşelipdir, diwarlary daşdan örülipdir. Boýy - 91 sm, ini - 32 sm, bu bir rim futuna deňdir.
Arheologlar diňe bir obýektiň saklanyp galyşyna däl, eýsem onuň gurluşygynda ulanylan materiallaryň mukdaryna-da haýran galdylar.

“Biz rimlileriň 51 tonna çenli daş we 80-den gowrak tegula ulanandygyny hasapladyk. Olaryň käbirinde öndürijiniň ady saklanyp galypdyr, käbirlerinde hatda Güne guraýan wagty üstünden ylgap geçen itiň penjeleri hem bar "- diýip, arheolog Tomaş Kolon gürrüň berdi.

Akweduk II asyryň ahyryna çenli işläpdir we saklanyp galmadyk bina, megerem, rim esgerleri üçin niýetlenen hammama baryp direýän bolsa gerek. Soňlugy bilen desga gömlüpdir we şonuň netijesinde iki müňýyllygyň dowamynda abat galypdyr.


düýn 19:49
2.1k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.6k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......