Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady

  • 25.03.2025 11:38
  • 9.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady.

"Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryna laýyklykda üçünji gezek ykrar edildi.

"Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

"Biziň tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda möhüm Kararnamalar kabul edilip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da pugtalanýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde biragyzdan kabul edilen täze Kararnama hem alyp barýan syýasatymyzy mundan beýläk-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge gönükdirmäge borçlandyrýar. Bu Kararnama halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwletimiziň daşary syýasatynda hem-de halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......