Ukrainadaky türkmen talyplary Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli çeper okaýyş çäresini geçirdiler

  • 25.03.2025 10:18
  • 4.4k+

18-21-nji mart aralygynda Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň wekilleri görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň çeper okalyşyny geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgy eserleri okaldy.
Medeni çäräniň çäklerinde görnükli, nusgawy türkmen şahyry we akyldary  Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusyny dünýäniň dürli dillerinde çeper okamaga aýratyn üns berildi.
Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň” esasyny düzýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy we medeni dialogy berkitmegiň, parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini öňe sürmegiň möhümdigini bellediler.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......