Hile bu gezek başa barmady: Cybertruck awtopilotda wagty galp diwary tanady we saklandy

  • 24.03.2025 23:09
  • 11k+

Ozal YouTube blogeri Mark Rober «Tesla Model Y» ulagynyň awtopiloduny synagdan geçirdi. Onuň maksady – ulagyň päsgelçilikleri dogry tanap-tanamaýandygyny barlamakdy. Emma Ilon Maskyň kompaniýasynyň awtoulagy bu synagdan geçip bilmedi – ol ýoluň üstünde goýlan, üstünde boş ýoluň şekili bolan diwary päsgelçilik hökmünde kabul etmedi we baryp urdurdy.

Indi bolsa başga bir bloger – Kaýl Pol şol synagy gaýtalady. Ol awtopilot wersiýasy 12.5.4.2 we HW3 kompýuteri bolan «Tesla Model Y» awtoulagyny, soň bolsa awtopilot wersiýasy 13.2.8 we HW4 kompýuteri bolan «Cybertruck-y» barlady.
«Model Y-niň» synagy Mark Roberiňki ýaly boldy – ol diwary päsgelçilik hökmünde kabul etmedi we ýoluny dowam etdirdi. Ulag diwara urmaz ýaly sürüji tormoza basmaly boldy.
Emma «Cybertruck» elektropikaby başgaça netije berdi. Onuň HW4/AI4 kameralary we kompýuter ulgamy diwary päsgelçilik hökmünde tanady we awtomatiki ýagdaýda saklandy. Munuň öňüsyrasynda sürüji ellerini ruldan aýryp, ulgamyň özbaşdak işleýändigini görkezdi.
Bu synag Tesla-nyň awtopilotlarynyň täze we köne nesilleriniň arasyndaky tapawudy açyp görkezdi. Şeýle hem Tesla-nyň lidar ýaly goşmaça datçiklerden ýüz öwürmegi barada soraglary ýüze çykardy. «Cybertruck» synagdan üstünlikli geçen hem bolsa, awtopilot ulgamynyň howpsuzlygy baradaky aladalary aradan aýyrmady.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.2k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....