Alymlar tebigatyň agyryny aýryjy hökmünde täsir edýändigini anykladylar

  • 23.03.2025 23:32
  • 3.9k+

Tebigata syn etmek beýniniň ýakymsyz duýgulary kabul etmekden emele gelen işjeňligini köşeşdirmek arkaly, agyry duýgusyny gowşadýar. Bu özboluşly täsir barada alymlar Nature Communications žurnalynda paýlaşdylar.

Wena uniwersitetiniň (Awstriýa) hünärmenleri 49 sany sagdyn meýletinçi bilen synag geçirdi. Olara kiçijik, ýöne agyryly elektrik toguny urdurdylar, şol bir wagtda beýniniň işjeňligi MRT arkaly ýazga alyndy. Synaglaryň dowamynda gatnaşyjylara ýa şäher durmuşy, ýa-da tebigatyň görnüşleri görkezildi.
Synag edilýänler tebigat görnüşlerini görenlerinde agyrynyň peselýändigini habar berdiler. MRT-niň maglumatlary agyry duýgusy bilen baglanyşykly beýniniň işleýşinde üýtgemäniň bolup geçýändigini tassyklady.

“Adamlar, köplenç, tebigatda az agyry duýýandyklaryny habar berýärler, ýöne şu wagta çenli bu täsiriň sebäpleri belli däldi. Biziň barlagymyz beýnini skanirlemek arkaly, munuň diňe bir tebigatyň özlerine peýdalydygyna ynanýan adamlar tarapyndan döredilen platsebo effekti däldigini görkezdi "- diýip, barlagyň baş ýolbaşçysy Maks Ştaýninger Eurekalert neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, beýni hakykatdanam agyrynyň nireden gelýändigi we näderejede güýçlüdigi baradaky signallara reaksiýasyny peseldýär. Emma tebigatyň täsiri agyryny aýryjy dermanlaryňkydan takmynan iki esse pesdir, şonuň üçin hem penjireden görünýän owadan görnüş dermanyň ornuny doly tutup bilmez. Şeýle-de bolsa, alymlar geljekde tebigat bilen aragatnaşyk agyryny dermansyz aýyrmagyň täze görnüşleri üçin esas bolar diýip umyt edýärler.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.3k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......