Marsda suwuk suw gorlarynyň bardygy tassyklandy, ýöne ol 11,5-20 km çuňlukda ýatyr

  • 22.03.2025 10:45
  • 4.2k+

Ýapon alymlary Ikuo Katayama we Ýuýa Akamasu Marsyň üstki gatlagynyň aşagynda suwuk suw ätiýaçlyklarynyň bardygyny tassykladylar. Alymlar onuň 11,5 kilometrden 20 kilometre çenli çuňlukda ýerleşýändigini öňe sürýärler.

Barlag NASA-nyň InSight missiýasynyň çäginde gurlan SEIS seýsmometriniň maglumatlaryna esaslanýar. Seýsmometr Marsda üstki gatlagyň aşagyndaky prosesler sebäpli ýüze çykýan titremeleri ýazga alýar. Alymlar P- we S-tolkunlar diýlip atlandyrylýan, jynslarda dürlüçe ýaýraýan seýsmiki tolkunlaryň özüni alyp barşyny öwrendiler.
P-tolkunlar (başlangyç) has çalt hereket edýär hem-de gaty maddalardanam, suwuk maddalardanam geçýärler. S-tolkunlar (ikinji derejeli) diňe gaty materiallardan geçýär. Bu 10 kilometrden 20 kilometre çenli çuňluklarda jynslaryň häsiýetindäki düýpli üýtgeşmeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Toplanan maglumatlar şuňa meňzeş çuňluklarda suwuň bardygyny öňe süren öňki barlaglar bilen gabat gelýär. Alymlar öýjükli jynslarda suwdan doly jaýryklaryň we boşluklaryň bolup biljekdigini bellediler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....