Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tekst arkaly wideo döretmek üçin Hotshot startapyny satyn aldy

  • 22.03.2025 10:31
  • 1.7k+

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan xAI kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen wideo döretmäge ýöriteleşen Hotshot startapyny satyn aldy. Bu ädim OpenAI-iň Sora we Google-yň Veo 2 ýaly wideo generatorlary bilen bäsdeşligi güýçlendirip, xAI-iň generatiw modelleri döretmekde mümkinçiliklerini giňelder.

San-Fransiskoda ýerleşýän Hotshot tekst beýanlaryny dinamiki wideolara öwürýän ösen EA modellerini döretdi. Ol ilkibaşda suratlary redaktirlemek gurallaryna ünsi jemledi, ýöne 2022-nji ýyldan soň diňe tekstleri wideo öwürmek bilen meşgullanyp başlady.
Iki ýylyň içinde onuň üç esasy modeli döredildi: Hotshot-XL, Hotshot Act One we Hotshot.

“Bu modelleriň okadylmagy ýakyn ýyllarda global bilimiň, dynç alşyň we aragatnaşygyň nähili üýtgejekdigini görkezdi. Indi biz xAI-iň düzüminde dünýäde iň uly Colossus klasterinde işimizi dowam etdireris” – diýip, startapy esaslandyryjylaryň biri Aakaş Sastri belledi.

Bary-ýogy birnäçe sekuntda ýokary derejeli wideolary döretmäge mümkinçilik berýän Hotshot tehnologiýasy eýýäm wençur gaznalaryndan maýa goýumlary özüne çekdi.
Adaty wideo önümçiligi montaž, animasiýa hem grafika bilen işlemek başarnyklaryny talap edýän gymmat we tehniki taýdan çylşyrymly iş bolmagynda galýar. Hotshot diňe tekst beýanynyň üsti bilen wideo döretmek arkaly bu meseläniň çözgüdini tapdy. Bu hem işewürlik, bilim platformalary we uly býujeti bolmadyk garaşsyz awtorlar üçin mazmun döretmäge ýol açdy.
Hotshot-yň xAI ekoulgamyna goşulmagy Mask tarapyndan ýanwar aýynda anons edilen “Grok Video” guralynyň ösdürilmegini çaltlaşdyrar hem-de Sora we Veo 2 ýaly bäsdeşleriň arasynda uly öňegidişlik bolup biler.
14-nji martdan Hotshot öz platformasynda täze wideo döretmegi bes etdi. Ulanyjylar arhiw işleri 30-njy marta çenli ýükläp alyp biler, şondan soň hyzmat garaşsyz işini bes eder. Tehnologiýanyň mundan beýläkki işi xAI-iň çäklerinde bolup geçer.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......