Ýene bir italýan şäheri 1 ýewrodan jaý satyn almagy teklip edýär

  • 22.03.2025 10:27
  • 9.6k+

Italiýanyň günortasyndaky gadymy Penne şäheri 1 ýewrodan satlyk jaý barada bildiriş etdi. Bu barada CNN habar berýär.

Ilaty 1200 töweregi bolan bu şäher ozal hem arzan jaýlary hödürläpdi, şolardan altysy, esasan, italýanlara satyldy. Häkim Jilberto Petruççi ilatly merkezi janlandyryp biljek täze adamlary tapmak isleýändigini aýtdy.

“Şäherde 40-dan gowrak boş jaý täze eýelerini gözleýär we olaryň ählisi taryhy merkezde ýerleşýär, bu ýer onlarça ýyl mundan ozal maşgalalar göçüp başlaly bäri gowşap başlady” – diýip, ol CNN Travel bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Satyn alyş düzgünleri hem birneme gowşadyldy. Şeýle shemalary ulanýan beýleki şäherlerde, adatça, salgyt talap edilýär we ol işler tamamlanandan soň gaýtarylyp berilýär.

“Ýeke-täk talap – satyn alyjylar üç ýylyň dowamynda bu jaýlary gaýtadan dikeltmek borjuny öz üstüne almaly, ýöne biz işe başlamak üçin başlangyç töleg kepillendirmelerini talap etmeýäris. Biz, hakykatdanam, gadymy sebiti janlandyrmaga gelenleri höweslendirmek we goldamak isleýäris” – diýip, şäher häkimi belledi.

Şeýle-de, Penne abatlaýyş işlerinde “maslahat bermek” we “goldamak” boýunça-da kömek hödürleýär.
Şäher neolit döwrüniň ortalaryndan bäri ilatly we Abrusso sebitinde güýç merkezi bolupdy. Soňky döwürde Penne syýahatçylar üçin meşhur ýere öwrüldi.
Belläp geçsek, soňky birnäçe ýylda italýan şäherleriniň köpüsi jaýlary satyn almak boýunça şeýle tekliplere ýüzlenýär. Sambuka-di-Sisiliýada şeýle baha bilen jaýlar 2019-njy we 2021-nji ýyllarda satyldy. 2022-nji ýylda Airbnb obada “1 ýewrodan jaý” aljak adamy tapmak üçin bäsleşik geçirip başlady.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......