Hemilton Hytaý Gran-prisiniň ýaryş ýolunda iň tiz aýlaw rekordyny täzeledi

  • 21.03.2025 18:47
  • 3.3k+

Ýedi gezek dünýä çempiony, «Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton Şanhaýdaky (Hytaý) ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Ol dört gezek dünýä çempiony Sebastýan Fetteliň 2018-nji ýylda Hytaý Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda goýan rekordyny geçdi.

Ýedi ýyl mundan ozal, Fettel bir aýlawy 1 minut 31,095 sekuntda geçipdi. Hemilton sprint-saýlama tapgyrynda mundan gowy netije gazandy – 1 minut 30,849 sekunt.
Hemiltondan başga-da, Maks Werstappen («Red Bull») we Oskar Piastri («McLaren») hem Fetteliň rekordyny täzeläp, ondan has gowy netijäni görkezdiler.
Hytaý Gran-prisiniň sprint ýaryşy ertir, 22-nji martda geçiriler. Ýaryş Aşgabadyň wagty bilen irden sagat 08:00-da başlar.


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....