Italiýada dünýäde neýroulgam tarapyndan döredilen ilkinji gazet neşir edildi

  • 21.03.2025 11:56
  • 2.4k+

“Il Foglio” italýan gazeti doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen dünýäde ilkinji gazet sanyny çykardy. Tekstlerden başlap, sözbaşylara çenli – ählisi tehnologiýanyň “eliniň” işi diýip, The Guardian habar berýär.

“Hemmesini EA etdi: tekstler, sözbaşylar, sitatalar – hatda kinaýa hem goşdy” – diýip, redaksiýada bellenildi. Žurnalistler diňe sorag bermek we jogaplary barlamak bilen prosesi ugrukdyrdy.

Redaktor Klaudio Çereza bu taslamany tehnologiýalaryň işi we durmuşy nähili üýtgedýändigini görkezýän tejribe diýip atlandyrdy. Dört sahypalyk gazet sany eýýäm satuwa çykdy we “Il Foglio” şeýle gazeti çykarmagy dowam etdirmegi meýilleşdirýär, ýöne olar adaty gazetiň ornuny çalyşmaz.
Neşiriň mazmuny dürlüçe boldy: EA makalalarda Italiýanyň häzirki syýasy hereketleri barada pikir ýöredýär, dünýädäki geosyýasy ýagdaýy seljerýär, italýan ykdysadyýetini, salgyt özgertmelerini öwrenýär, şeýle-de 750 müň işgär üçin zähmet haklaryny ýokarlandyrmak hem-de ýewropalylaryň näme üçin çynlakaý gatnaşyklardan gaça durýandygy barada sütün bar.
Tekstler düşnükli, tertipli we grammatik ýalňyşsyz boldy diýip, The Guardian belleýär.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 16:13
4.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......