ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda Nowruz baýramy bellenildi

  • 20.03.2025 14:23
  • 5.2k+

ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda, “Segur” zalynda Nowruz baýramyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çäre 13 ýurduň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň hemişelik wekilhanalary tarapyndan gurnaldy.
Dabaranyň dowamynda guramaçy ýurtlaryň milli aýdym-saz eserleri we tanslary ýerine ýetirildi, milli lybaslar we tagamlar görkezildi.

Çärä gatnaşan ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule gatnaşyjylary bu baýram bilen gutlap, Nowruzyň täzelenmegi, umydy we tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýandygyny belledi. Çykyşdan soň, ol baýramçylyk saçaklary, şol sanda türkmen milli tagamlary bilen tanyşdy.
Myhmanlara türkmen halkynyň elde dokalan halylary, milli lybaslary, şaý-sepleri, ýadygärlik sowgatlary, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hödürlendi.

Çäräniň medeni meýilnamasynda guramaçy ýurtlardan milli aýdym-saz we tans çykyşlary görkezildi, uly ekranlarda bolsa her ýurtda Nowruz baýramyny bellemegiň däpleri, şol sanda Türkmenistanda Milli bahar baýramyny bellemegiň baý däpleri barada wideolar görkezildi.
Nowruz 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 


şu gün 00:03
359

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......