Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň energetika ministri we “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

  • 20.03.2025 12:37
  • 4.4k+

19-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Türkmenistan ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa arkaly giňeltmäge esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen, dünýä we sebit bazarlarynda uly isleg bildirilýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmak üçin dürli taslamalary amala aşyrýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika pudagynda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen tebigy gazynyň doganlyk ýurda iberilmeginiň, şol ýerden bolsa Ýewropa ýurtlaryna çykarylmagynyň möhüm meseleleriň biridigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ugradylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny deňziň üstünden goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi dörär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň agzalyp geçilen ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......