Google-yň emeli aňy alymlaryň 10 ýyllap kelle döwen meselesini iki günde çözüp berdi

  • 20.03.2025 12:00
  • 4k+

Google-yň emeli aň (EI) guraly alymlaryň on ýyl üstünde işlän ylmy meselesini iki günde çözdi diýip, The Independent neşiri habar berýär.

Londonyň Imperiýa kollejiniň barlagçylary emeli aňdan superbakteriýalaryň antibiotiklere garşylygy meselesini öwrenmegi haýyş etdiler. Model maglumatlary seljerdi we alymlaryň üstünde köp ýyllar işläp alan netijelerini hem öz içine almak bilen birlikde,  birnäçe mümkin bolan çözgütleri teklip etdi.

Professor Hose Penades: "Algoritm bar bolan subutnamalary öwrenmegi, wariantlary seljermegi, sorag bermegi, synaglary modelirlemegi we birnäçe ýyllyk oýlanyşykly barlaglardan soň gelnen şol bir çaklamany sähelçe wagtda teklip etmegi başardy" – diýip gürrüň berdi.

Alymlaryň sözlerine görä, şular ýaly tehnologiýa barlaglaryň ahyrky netijesiniň petige diremeginden gaça durmaga we çylşyrymly meseleler boýunça işleri çaltlaşdyrmaga kömek eder. Şol bir wagtyň özünde, AI-niň gipotezalary tassyklamak üçin zerur bolan laboratoriýa synaglarynyň ornuny tutup bilmejekdigini  bellediler.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
874

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
912

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...