Russiýaly parlamentariler Türkmenistanda çagalaryň bähbidine halkara işe bagyşlanan maslahata gatnaşar

  • 19.03.2025 07:31
  • 7.4k+

18-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenkonyň döwlet, syýasy, jemgyýetçilik işi köp babatda eneligi we çagalygy, saglygy goramak, çagalara bilim bermek meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň çagalar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen giň möçberli, uzak möhletli strategiýalary hem-de maksatnamalary taýýarlamak, kabul etmek we durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz çagalaryň beden we aň taýdan sazlaşykly ösmegi, olara lukmançylyk, durmuş, beýleki kömegi bermek, ýaş türkmenistanlylary goldamak üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly maslahat geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini öňde boljak foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň parahatçylygyň belent ýörelgelerini, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ilerletmekde saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, russiýaly parlamentarileriň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere, ilkinji nobatda, çagalaryň bähbidine halkara işe bagyşlanan maslahata gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda özara gatnaşyklaryň täze formatlaryny döretmek we olaryň netijeli hereket etmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen başlangyçlaryň ähmiýetine üns berildi. Ýurtlarymyz bu ugurdaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýarlar. Hususan-da, Walentina Matwiýenkonyň goldaw bermeginde ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileriniň duşuşyklary barada gürrüň edildi. Şunuň bilen birlikde, “Merkezi Aziýa — Russiýa” zenanlar dialogynyň täze ösüşe eýe bolandygyna üns çekildi. Bu formatlaryň çäklerindäki ilkinji çäreler 2022-nji ýylyň maýynda geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we parlamentarileriň nobatdaky duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny guramagy teklip etdi.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......