Çilide dünýäde iň uly 3200 MP astronomiki kamera oturdyldy: ol Älemi surata düşürer

  • 18.03.2025 11:58
  • 8k+

Çilidäki Wera Rubin obserwatoriýasynda 3200 megapiksel durulykda LSST astronomiki kamerasyny gurnama işleri tamamlandy. Ýakyn hepdelerde ol ilkinji synag suratlaryny alar, şondan soň ol doly derejeli işläp başlar.

Kamera Älemdäki dinamiki prosesleri jikme-jik öwrenmek üçin niýetlenýär. Ol 189 CCD detektoryndan ybarat bolup, 8,4 metrlik esasy aýnaly Simoni teleskopynyň düzüminde işlär. Enjamyň agramy 2 994 kilograma barabar.
LSST asteroidleriň hereketini, täze ýyldyzlaryň partlamalaryny hasaba almaga we gara materiýany öwrenmäge mümkinçilik berer. Onuň her bir suraty 400 sany 4K UHD telewizorynda görkezip boljak maglumatlary saklaýar.
Taslama 2003-nji ýylda hödürlendi, 2007-nji ýylda bolsa Çarlz Simoni we Bill Geýts ony maliýeleşdirme bilen üpjün etdi. 2010-njy ýylda ABŞ-nyň Milli ylmy gaznasy (NSF) we ABŞ-nyň Energetika ministrligi (DOE) goşmaça goldaw berdi.
Obserwatoriýanyň mehaniki toparynyň ýolbaşçysy Freddi Munýosyň aýtmagyna görä, kameranyň gurluşy millimetre çenli takyklygy talap etdi. Taslamanyň menejeri Trewis Leng onuň döredilmegini astronomiýada iň çylşyrymly kynçylyklaryň biri diýip atlandyrdy.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....