Kataryň Emiri Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • 18.03.2025 08:07
  • 4.9k+

16-njy martda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Emiriniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani gowy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna mukaddes Oraza aýynda tutulýan orazalaryň we ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuwlap, iň mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.
Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hususan-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň geçiriljekdigi aýdyldy bu halkara foruma we baýramçylyk çärelerine Katar tarapy gatnaşmaga çagyryldy.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......