Türkmenistanyň daşary işler ministri Kataryň Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 18.03.2025 07:31
  • 2.1k+

16-njy martda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Katar Döwletine iş saparynyň çäklerinde bu ýurduň Premýer-ministri, daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň başynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda taraplar energetika, maýa goýum we ulag ugurlary türkmen-katar gatnaşyklarynda geljegi uly ugurlara öwrüljekdigini nygtadylar.
Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alşyldy. Hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi barada aýdyldy. Katar tarapy bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumy barada aýdylyp, Katar tarapy bu ýokary derejeli foruma gatnaşmaklyga çagyryldy.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......