SpaceX 13 sagatda üç orbital uçuryşy bilen rekord goýdy

  • 17.03.2025 05:42
  • 1.3k+

SpaceX 13 sagadyň içinde üç orbital uçuryşyny amala aşyryp, rekord goýdy.

Uçuşlaryň çäklerinde kompaniýa Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) dört astronawt iberdi, Transporter-13 maksatnamasynyň çäklerinde orbita 74 hemra, şeýle-de 23 Starlink enjamyny çykardy, şolardan 13-üsi öýjükli ulgama göni birikdiriş tehnologiýasy (Direct-to-Cell) bilen üpjün edilendir.
Birinji Crew-10 missiýasy boldy. Ol 15-nji martda Aşgabat wagty bilen 04:03-de NASA-nyň Floridadaky Kennedi kosmos merkeziniň 39A kosmodromyndan uçuryldy. Gäminiň ekipažy öňki ekipažyň ornuny çalşyp, stansiýada alty aý töweregi bolar we ylmy tejribeleri hem kosmiki toplumyň tehniki hyzmatyny geçirer.

Şeýle-de, şol gün irden SpaceX Wandenberg (Kaliforniýa) bazasyndan 74 hemra uçurdy. Bu missiýanyň dowamynda Falcon 9-yň birinji basgançagy programmanyň tutuş taryhynda 400-nji üstünlikli gonuşyny amala aşyrdy.
Eýýäm agşam Kanaweral burnundan kompaniýa tarapyndan 23 Starlink hemrasy uçuryldy. Olar kompaniýanyň hemralar toparyny giňeltmek üçin niýetlenýär. Soňky uçuş Falcon 9-yň hut şu birinji basgançagynyň eýýäm 18-nji gezek üstünlikli gonandygy sebäpli bellärliklidir. Ol SpaceX-iň köp gezeklik kosmiki uçuryşlarynyň ýokary derejede ygtybarlydygyny görkezdi.
Bellenilişi ýaly, SpaceX, takmynan, 8 100 Starlink hemrasyny orbita çykardy, olardan 7 061 sanysy iş ýagdaýynda. 2025-nji ýylda kompaniýa eýýäm 31 uçuryşy amala aşyrdy, olaryň üçden iki bölegi Starlink missiýalary bilen baglanyşyklydyr.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....