OpenAI kompaniýasy CoreWeave bilen 11,9 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

  • 14.03.2025 12:57
  • 2.3k+

CoreWeave amerikan startapy OpenAI bilen bahasy 11,9 milliard dollar bolan hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişdi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Baglaşylan şertnama laýyklykda, CoreWeave bäş ýylyň dowamynda OpenAI-yň emeli aň (EA) modellerini türgenleşdirmek üçin öz serwer infrastrukturasyny üpjün eder. Şeýle-de CoreWeave IPO geçiren wagty, goşmaça 350 million dollarlyk paýnama çykarar we olary OpenAI hususy söwda arkaly satyn alar.
2017-nji ýylda esaslandyrylan CoreWeave maglumat merkezlerine elýeterlilik hödürleýär we Microsoft hem-de Amazon ýaly bulut tehnologiýalaryny üpjün edijiler bilen bäsleşýär. Geljekde geçiriljek IPO bilen, kompaniýa 4 milliard dollar maýa toplamagy we bazardaky umumy bahasyny 35 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
995

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......