Arassalanandan 12 sagatdan soň hem ter görnüşini saklaýan banan döredildi

  • 13.03.2025 17:50
  • 6.4k+

Britaniýanyň Tropic kompaniýasynyň biotehnologlary gabygy aýrylandan soň hem 12 sagadyň dowamynda açyk reňkini saklaýan banany döretdi. Täze görnüş arassalanandan bir günden soň hem 30% haýal garalýar diýip, The Guardian ýazýar.

Alymlar şeýle netijäni garalma sebäp bolýan polifenoloksidaza fermentine jogap berýän geni “öçürmek” arkaly gazanyp bildi. Tehnologiýa eýýäm alma, pomidor we kömelek üçin ulanyldy.
Şol bir wagtyň özünde, del DNK ulanylmady, şol sebäpli bananlar GMO hasaplanmaýar. Alymlar bu prosesiň tebigy ewolýusiýa meňzäp, diňe ony çaltlaşdyrýandygyny düşündirýär.
Şeýle bananlaryň satuwy eýýäm ABŞ-da, Kanadada, Kolumbiýada, Gondurasda we Filippinlerde tassyklandy, tiz wagtdan bolsa Beýik Britaniýada hem başlar.
Banan iň meşhur miweleriň biri, ýöne hasylyň ýarysy çalt zaýalanmagy sebäpli zyňylýar. Täze görnüş galyndylary we bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, ylmy gözlegçiler belleýär.


düýn 23:12
3.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......