Ýaponiýada ilatyň garramagy bilen hyzmatçylyk ulgamynda robotlara bolan isleg artýar

  • 11.03.2025 21:54
  • 3k+

Ýaponiýada ilatyň garramagy we işçi güýjüniň ýetmezçiligi sebäpli, ýerli kompaniýalar barha köp hyzmatçy robotlara ýüz tutýarlar diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär.

Fuji Keizai gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli bu tehnologiýalaryň bazary üç esse diýen ýaly ösüp, 400 milliard ýena (takmynan 2,7 milliard dollara) ýeter.
Bu pudagyň çalt ösmeginiň esasy sebäbi – işçi güýjüniň ýetmezçiligidir. Recruit Works Institute-yň çaklamalaryna görä, 2040-njy ýyla çenli Ýaponiýada işçi ýetmezçiligi 11 million adama ýeter. Mundan başga-da, hökümetiň hasaplamalaryna görä, 2065-nji ýyla çenli ýurduň ilatynyň 40%-e golaýy 65 ýaşdan uly adamlar bolar.
Bu tehnologiýalaryň iş ýüzünde ulanylşyna mysal hökmünde, «Skylark» atly iň iri restoran toruny görkezmek bolar. Myhmanlara nahar eltmek üçin, bu kompaniýa gulaklary pişige meňzeýän, takmynan, 3 müň roboty işe girizdi.
Şeýle hem Tokiodaky bir restoranda 71 ýaşly Ýasuko Tagawa işiniň ýarysyny häzir robotlar bilen bilelikde geçirýändigini aýtdy.

«Işiň üçin sag bol. Men saňa bil baglaýan» — diýip, ol bir pursatda robota ýüzlendi.


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....