Estoniýada ýüzugra gurluş döredip bilýän roboty işläp taýýarladylar

  • 12.03.2025 12:49
  • 4.5k+

Estoniýaly inženerler gyzdyrylan polimeri gysyp çykarmak arkaly, ýerinde çydamly gurluşlary döredýän özboluşly roboty işläp taýýarladylar. Taýýar bölekler bilen edilýän däp bolan mehanizmlerden tapawutlylykda, täze tehnologiýa çeýe we berk gurluşlary emele getirip, daşky gurşawa uýgunlaşýar.

Inženerler öz işlerinde möýleriň tebigy çeýeliginden ylham aldylar, ýöne tebigaty çylşyrymly göçürmekden gaça durup, çemeleşmäni ýönekeýleşdirdiler. Polimer suwuk görnüşde lüleden gysylyp çykarylýar, süýüm görnüşinde çalt sowaýar we üste ýelmeşýär, adgeziýa we sapaklaryň çolaşmagy arkaly, hatda teflona ýa-da muma hem ýapyşýar.

Topar roboty iş ýüzünde synagdan geçirdi. Bir synagda ol galyndylar bilen ýumşak materiallaryň arasyndaky boşlugyň üstünden, wagtlaýyn gurluşlary emele getirmek bilen, köpri ördi. Netijeler, köprüleriň kiçi oýunjak ulagy göterip biljek derejede güýçlidigini görkezdi. Beýleki bir synagda robot güli emaý bilen galdyryp biljek ýumşak tutawaç ýasady. Tehnologiýa betbagtçylykdan halas ediş işgärleri üçin wagtlaýyn köprülerden başlap, ýerdäki gurluşyk çözgütlerine çenli amaly taýdan peýdaly bolmagy wada berýär. Entek durmuşa ornaşdyryljak senesi yglan edilmedi, ýöne işläp taýýarlaýyşyň geljegi eýýäm täsir galdyryjy.


düýn 10:31
5.5k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......