Türkmenistanyň DIM-nde mart aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi

  • 11.03.2025 06:01
  • 1.5k+

10-njy martda Daşary işler ministrliginde 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek halkara derejesindäki has möhüm duşuşyklar barada habar berildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl” atly kararnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji möhüm çäräniň BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilendigini nygtady.
2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynyň dowamynda Türkmenistanda, daşary döwletlerde hem-de halkara guramalarynyň meýdançalarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýardam bermegi bilen DIM tarapyndan 44 sany duşuşyklar, maslahatlar we beýleki çäreler geçirildi.
19-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygynyň orny” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigi barada habar berildi. Maslahata gatnaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleri, şeýle hem kompaniýalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
29-njy martda Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly:  halkara ynsanperwer işiniň ösüşi” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigi aýdyldy. Çäräniň guramaçysy bolup Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çykyş edýär.
Şeýle hem R.Meredow ilkinji “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň öňüsyrasynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa – ÝB” ministrler duşuşygynyň geçiriljekdigi barada habar berdi.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......