Emeli aňly täzelenen Siri 2026-njy ýyldan bärde çykmaz: taslama garaşylyşyndan çylşyrymly bolup çykdy

  • 10.03.2025 15:28
  • 1.6k+

Apple kompaniýasy emeli aňly täzelenen Siri kömekçisiniň çykarylyşynyň yza süýşürilendigini resmi taýdan tassyklady. Işläp düzmeklik, garaşylandan, has köp wagt talap edýär.

Başda bu täzelenmäniň iOS 18.4 bilen bilelikde aprel aýynda çykarylmagyna garaşylýardy.

«Siri ulanyjylarymyza zerur zatlary tapmaga we wezipeleri çalt ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Geçen alty aýyň dowamynda biz ony has geplemsek etdik, Siri bilen ýazyşmak mümkinçiligini goşduk, Apple önümleri hakyndaky bilimlerini giňeltdik we ChatGPT bilen integrasiýa etdik. Emma şahsylaşdyrylan Siri-niň ulanyjylaryň şahsy kontekstini göz öňünde tutup, programmalarda hereketleri ýerine ýetirip bilmegi üçin has köp wagt gerek. Geljek ýyl çykmagyna garaşýarys» — diýip, Apple-yň metbugat sekretary Žaklin Roý «Daring Fireball» çeşmesine aýtdy.

Täzelenen Siri-niň gijikdirilmegi sebäpli, kompaniýa Apple Smart Home Hub-yň çykarylmagyny hem yza süýşürdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Ilkibaşda bu enjamyň mart aýynda tanyşdyrylmagyna garaşylýardy, emma onuň işlemegi täze Siri bilen baglanyşykly.
Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu enjamy eýýämden öz işgärleriniň arasynda synagdan geçirýär. Hub kiçi ekrany bolan iPad-e meňzeş bolar we ulanyjylara öý enjamlaryny dolandyrmaga, wideo aragatnaşyk saklamaga hem-de beýleki funksiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Onuň A18 çibi bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.


şu gün 12:35
2.6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....