Hytaýly alymlar ýagtylygy 4035 sekuntlap “saklap” kwant rekordyny täzelediler

  • 10.03.2025 08:17
  • 3.8k+

Pekiniň kwant informatikasy akademiýasynyň alymlary öňegidişlik gazandy. Olara ýagtylyk maglumatyny 4035 sekunt, ýagny 67 minutdan gowrak wagt saklamak başartdy. Bu rekord kwant maglumatlary işlemekde täze üstünliklere tarap ýol açýar.

Esasy mesele ýokary tizlik bilen hereket edýän fotonlary tutmagyň we bellige almagyň örän kyn bolmagynda jemlenýär. Öň alymlar foton kristallaryny we fotowoltaiki ulgamlary ulanýardy, ýöne olar gymmat bolup, pes netije berýärdi.
Topar kremniý karbidinden monokristal plýonkanyň kömegi bilen ýagtylygy ses tolkunlaryna öwrüp, bu meseläni çözmegiň ýoluny tapdy. Fotonlaryň bu material bilen özara täsiri ýagtylyk energiýasynyň akustiki tolkunlara öwrülmegine getirýär, bu hem saklanyş prosesini ep-esli aňsatlaşdyrýar. 
Saýlanan material durnuklylygy we ýitginiň az bolmagy bilen tapawutlanýar, bu bolsa maglumatlary alýumin ýa-da kremniý nitridi ýaly öňki nusgalardan has uzak saklamaga mümkinçilik berýär.
Plýonka nola ýakyn temperaturalarda hem işleýär.
Tehnologiýa çylşyrymly hasaplamalary adaty kompýuterlerden çalt ýerine ýetirmäge ukyply bolan kuwwatly kwant prosessorlaryny döretmegi tizleşdirmäge wada berýär.
Alymlar saklanyş wagtyny has uzaltmak, maglumatlaryň dykyzlygyny ýokarlandyrmak we tehnologiýany beýleki kwant ulgamlary bilen birleşdirmek işlerini dowam etdirmegi meýilleşdirýär.


düýn 22:30
890

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....